Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin günsaýyn kämilleşýän häzirki zaman
dünýäsinde ylmyň soňky gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyrmak zerurlygy ýüze
çykýar. Bu özgerişlikleriň yzygiderligi gündelik ýaşaýşymyzyň ähli gurşawlaryna öz
täsirini ýetirip, güýçli depginde we okgunly bolup geçýär. Ol bolsa maglumatlaryň
we hyzmatlaryň ulanyjylaryna, olaryň nirede we haçan bolýandygyna garamazdan,
hemişelik esasda elýeterli edilýändigini aňladýar. Muny üpjün etmek üçin kompýuter
enjamlarynyň täze görnüşleri, maglumat gorlaryny we hyzmatlaryny işlemekligiň
täze tehnologiýalary peýda bolýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň
ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamyna-da
sanly tehnologiýalar babatda dünýäniň öňdebaryjy gazananlary ornaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyzda häzirki
zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia
tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli
gurulýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ylmyň, bilimiň mazmunyny
baýlaşdyrmak, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmaklygyny gazanmak
maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar. Milli Liderimiziň kabul eden
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy
maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim ojaklarynyň ähli
basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly
serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini
ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň,
ýagny okatmagyň elektron usulyýetiniň girizilmegi örän uludyr. Sebäbi hünär
taýýarlygynyň her bir tapgyrynda, ylmy-barlag işlerinde we ähli okuw-usulyýet
işlerinde innowasion tenhologiýalar şol bir wagtyň özünde iki wezipäni, ýagny enjam
hem-de bilim obýekti weziplerini ýerine ýetirýär.
Bilimiň ähli basgançaklarynda sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça hereket
edýän «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny»
durmuşa ornaşdyrmagyň ilkinji tapgyrynda meýilleşdirilýän işler barada
aýdanymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlara,
hünärmenlere we talyplara niýetlenilen sanly bilim portallarynda uzak aralykdan
bilim almak, elektron resminama dolanyşygy, ylmy işler, bäsleşikler, maslahatlar,
okuw kitaplarydyr gollanmalary, sözlükler hem-de beýleki zerur maglumatlar
ýerleşdirilendir.

Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda umumybilim berýän orta
mekdeplerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden
ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, Diýarymyzyň umumybilim berýän
orta mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar
yzygiderli guralýar.
Sanly ulgamyň esasy ugry bolan hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda
sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze
döwrebaplaşan görnüşiniň emele gelmegine şert döredýär. Bu ugurdaky özgertmeler
jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini baýlaşdyrmaga ýardam berýär hem-de
bilim almagyň bitewi elektron maglumat giňişligini döredýär. Häzirki wagtda okuw
meýilnamasyna distansion bilim bermek tehnologiýasyny, maglumat kommunikasion
tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär we bitewi maglumat
tory döredilýär. Şeýle hem, sanly kitaphana, sanly amaly okuwlar täze usullar we
tehnologiýalar arkaly döredilýär we baýlaşdyrylýar. Meselem, uzak aralykdan
okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramakda
distansion bilim ulanylýar. Ýagny, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň
professor-mugallymlary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahatlar
geçirilip, talyplar bilen ýörite okuwlar guralýar. Mundan başga-da, sanly bilim
ulgamy talyplara mugallym bilen internet-tehnologiýa arkaly aragatnaşyk saklamaga,
maglumat alyşmaga, okuw maglumatlaryny diňlemäge, wideo ýazgylar arkaly
islendik wagt özbaşdak öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu hili sapaklarda
mugallym hünär ussatlygy bilen okatmagyň elektron usulyýetini kämilleşdirýär we
talyplaryň özbaşdak pikirlenmek hem-de işlemek başarnygyny ösdürýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň»
çäklerinde talyplary hünärine taýýarlamak bilen bir hatarda, olara daşary ýurt dillerini
öwretmekde-de okatmagyň elektron serişdelerinden peýdalanylmagy, bilimiň
döwrebap berilmegine ýardam edýär. Sanly ulgamyň esasy aýratynlygynyň biri hem
talyplaryň okuw döwründe bilim almak, şeýle hem okuwdan soňky tejribelik
döwründe-de portallaryň üsti bilen uzak aralykdan okap, özbaşdak kämilleşip bilmek
mümkinçiliginiň bolmagyndadyr.
Daşary ýurt dillerini bilmek şahsy kämilligiň we intellektual ösüşiň kepilidir.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Oguz han döwründen başlap, atalyk mekdeplerinde
ýetginjeklere ylym-bilim, harby sungat bilen hatarda, daşary ýurt dilleri hem
öwredilipdir. Şonuň üçin hem türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň
ähli künjeklerinde dünýägaraýşynyň giňligi, ýolbaşçylyk başarnygynyň ussatlygy
bilen tapawutlanypdyr.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.