9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw
mekdepleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerini gowulandyrmak maksady bilen,
ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek
hakyndaky Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji
sentýabryndan başlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika instituty, Tükmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,
Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han
adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hojalyk hasaplaşygyna geçiriler.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň talyby.