Salwadoryň häkimiýetleri ýaşaýjylara bitkoinlerde 30 dollardan paýlamagy
wada berdiler. Olaryň pikiriçe, kriptowalýutanyň köpçülikleýin ulanylmagy ýurda
maýa goýumlaryny çekmäge kömek eder diýip, Bloomberg ýazýar. Muny Day.Az
ýetirýär.
Şeýle-de, bu başlangyç sarp edişi ýokarlandyrmaga we daşary ýurtlarda
işleýän millionlarça ýaşaýjylar üçin pul geçiriminde çykdajylary azaltmaga
gönükdirilendir.
Aktiw almak üçin milli bitkoin-gapjygy Chivo-da hasap açmaly. Satyn
alyjylar bahalary dollarda görkezilen harytlar üçin bitkoinler bilen töläp bilerler.
Respublika üçin mesele Bütindünýä bankynyň bitkoini ýaýratmakda ýardam
etmekden boýun gaçyrmagy boldy. Halkara pul gaznasy hem, öz gezeginde,
Salwadoryň bitkoine geçmegi bilen baglanyşykly “makroykdysady, maliýe we
hukuk meseleleri” bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Ýatlap geçsek, Salwador dünýäde ilkinji bolup bitkoini töleg serişdesi
hökmünde kanunylaşdyrypdy, kriptowalýuta amerikan dollary bilen bilelikde
ulanylar. Bitkoin bilen dollaryň arasyndaky alyş-çalyş görnüşi bazar tarapyndan
kesgitlener. Kriptowalýuta bilen ähli salgytlar tölenip bilner.