Barselonada mobil gadžetlere we tehnologiýalara bagyşlanan Mobile
World Congress-2021 atly dünýäniň iri sergisi geçirilýär. 27-nji iýundan 1-nji
iýul aralygynda guralýan forum barada news.day.az habar berýär.
Ýarym ýyldan soň sanjymlaryň koronawirus pandemiýasynyň çykalgasy
hökmünde kesgitlenmegi bilen, Mobile World Congress sergisi ýene-de
gapylaryny açdy. Munuň özi COVID-19 pandemiýasy başlany bäri utgaşdyrylan
görnüşde ilkinji gezek geçirilýän iri tehnologiýa sergisidir. Prezentasiýalaryň bir
bölegi onlaýn görnüşde geçirilip, Fira de Barcelona sergi merkezinde adaty
diwarlyklar hem görkeziler. My MWC resmi goşundysy çärä we aragatnaşyk
serişdeleriniň amatlylygyna dünýäniň islendik künjeginden elýeterliligi üpjün eder.
Kongresiň işine 35 müňe golaý adam gatnaşar.
Mobil kongresden gelýän girdeji, adatça, 500 million ýewro barabar bolup,
göni we gytaklaýyn iş ýerleriniň 15 müňüsini döredýär. Mobile World Congress-
2021 dabaraly agşamlyk bilen başlanyp, onuň dowamynda Patyşa Filipp VI we
Kataloniýanyň Hökümetiniň Prezidenti Pere Aragones ilkinji gezek resmi
ýagdaýda duşuşýar. Kongrese göni ýaýlymda Ilon Mask hem goşular. Ol SpaceX
kompaniýasynyň Starlink-iň kömegi bilen internete elýeterlilik meselesini nädip
çözýändigini gürrüň berer.
Şu ýyl köp kompaniýalar, aýratyn-da, Sony we Nokia kompaniýalary
koronawirus ýokanjy sebäpli sergä gatnaşmakdan ýüz dönderdiler. NVIDIA we
Intel kompaniýalary telekommunikasiýa enjamlary ulgamynda özüniň soňky işläp
taýýarlamalaryny, şeýle-de 5G aragatnaşyk ulgamynda infrastruktura çözgütlerini
görkezer.