Wolt Disneý kompaniýasy Çip we Deýl atly burunduklaryň başdan
geçirmeleri barada täze animasiýa serialyň çykjakdygyny habar berdi. Täze
tomaşanyň ady "Chip 'n' Dale: Park Life"("Çip we Deýl: Seýilgähdäki durmuş").
"Bu açylyş bilen iki esse gyzykly bolar!Chip 'n' Dale: Park Life , özboluşly
seriaýal, ol 28-nji iýulda Disneý + ýaýlymynda görkezilip başlanar" –
diýip,kompaniýanyň Twitter- hasabynda aýdylýar.
Bu ýazga multiseriýalyň tizeri hem goşuldy. Onda Çip we Deýl atly
burunduklar näme üçindir seýilgähde ýaşaýarlar we hemişe haýsydyr bir başdan
geçirmelere uçraýarlar. Bu kadrda syçanjyk Gaýka ,alaka Rokfor we Wžik atly
siňek – esasy multfilmdäki gahrymanlar peýda bolarmy entek belli däl.