Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) “UEFA ASSIST”
halkara programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna goldaw
berýär. Bu programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna UEFA
tarapyndan Hyundai H1 miniweni gowşuryldy. Bu barada “tff.com.tm” internet
saýtynda bellenilip geçilýär.
“UEFA ASSIST” halkara programmasy beýleki konfederasiýalaryň milli
assosiasiýalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy saklap, olaryň ösüş
gazanmaklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. “UEFA ASSIST”
programmasynyň esasy maksady – tejribe we pikir alyşmakdan ybarat bolup, onuň
netijesinde FIFA agza bolan Konfederasiýalaryň agzalarynda futbol bilen bagly
alnyp barylýan işleri ep-esli derejede ilerletmekden ybarat bolup durýar.
“UEFA ASSIST” programmasy maliýe kömegi bilen däl-de, futboly
ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreleri geçirmek arkaly amaly kömegi üpjün eder.