Türkmenistanda Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän
«Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy
geçirildi. Dabara 14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynda geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, iň gowy pedogog
adyny almak ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 25 sany
mugallym bäsleşdi. Şolardan 7 sany ýeňiji saýlandy.
Baş baýrak — Gran-pri: Gurbangül Myradowa, uly mugallym
(Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty);
Birinji orun: Oguljan Atdaýewa, uly mugallym (Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty);
Ikinji orun: Jumadurdy Annaorazow, uly mugallym, taryh ylymlarynyň
kandidaty (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Orazgylyç
Orazgylyjow, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty (M.Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti);
Üçünji orun: Nurmuhammet Muhammedow, mugallym (Türkmenistanyň
Içeri işler ministrliginiň instituty), Ejegül Berdiýewa, uly mugallym, himiýa
ylymlarynyň kandidaty (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
instituty), Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
instituty).
Ýeňijilere degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.