Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow
Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna ähli ugurlarda telekeçiligiň kuwwatyndan
netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak
hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna Maliýe we
ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde
döwletiň garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan
döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň
netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň
mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde
seredildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar
gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda döwlet eýeçiligindäki desgalary
tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň
ornaşdyrmaga, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini
döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri seljermegiň hem-de bu işleri bildirilýän
talaplara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.