Türkmenistanyň poçta bölümlerinde demir ýol petekleriniň satuwy gaýtadan
ýola goýuldy. Häzirki wagtda demir ýol petekleriniň satuwy Aşgabadyň № 15, 17,
35, 20 poçta bölümlerinde amala aşyrylýar.
Petekler zerur bolan resminamalaryň we kepilnamalaryň görkezilmegi bilen
satylýar. Petekleri satyn almak bilen bagly sowallara 075 telefon belgisi arkaly
jogap berilýär.
Poçta bölümleriniň salgysy we telefon belgileri
barada turkmenpost.gov.tm saýtynda ýa-da «Çapar» goşundysynda maglumat alyp
bolar.