Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) şu
ýylyň bäş aýynda 666 müň 733 tonna ýokary hilli awtomobil benzinini öndürdi, bu
bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 müň tonna köpdür.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar
berşi ýaly, TNGIZT degişli döwürde suwuklandyrylan gaz öndürmek
meýilnamasyny hem üstünlikli ýerine ýetirdi. Kärhana 24 müň 383 tonna
suwuklandyrylan gaz öndürip, sarp edijilere ýetirdi. Bu bolsa meýilnamada göz
öňünde tutulandan 8 müň 85 tonna artykdyr.
Şu ýylyň bäş aýynda TNGIZT-de düýpli gaýtadan işlemek üçin iberilen çig
nebitiň mukdary 1 million 830 müň tonnadan geçdi.