16-njy iýunda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi
wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana
wekilçilik etdi.
Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş
direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy.
Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-
ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmek bilen bir hatarda, özara
hereketleriň giň toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Mejlisiň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler
ministrleriniň soňky mejlisinden bäri amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine
syn berildi. Dialogyň täze konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle-de öňde
boljak “MA + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň
meýilnamasynyň we gün tertibiniň taslamalaryna seredildi. Mejlise gatnaşyjylar
Dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly öz garaýyşlaryny
paýlaşdylar.