Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewiň
haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda
türkmen Lideri Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň
möçberli işler bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap
Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň,
desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde wise-premýer
Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň çäginde gurulmagy we
döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ulag ýollarynyň, ugurdaş desgalaryň
işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleri, ýol-ulag düzümine
degişli desgalaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Bu ýerde türkmen Lideriniň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy
şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly
bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň
çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän
taslamalary hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr çyzgylar bilen içgin
tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet
Baştutany gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly
bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň
talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de
mugallymlarynyň garaýyşlarynyňdyr pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatynyň çäklerinde
paýtagtymyzda arassaçylyk, abadançylyk işlerini ýokary derejede alyp barmaga,
seýilgählerde zerur şertleri döretmäge, suw çüwdürimleriniň sazlaşykly işini ýola
goýmaga, täze bagy-bossanlyklary emele getirmäge gönükdirilen çäreler hakynda
giňişleýin maglumat berildi.