“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ilatyň
awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 2021-
nji ýylyň 10-njy iýunyndan başlap, 76-njy “Awtokombinat – Howa mezili”, 102-
nji “Awtokombinat – Teke bazar” we 103-nji “Parahat – Howa menzili” täze
awtobus ugurlaryny açdy. Bu barada Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň
resmi  saýtynda  habar berilýär.
76-njy “Awtokombinat – Howa mezili” ugry boýunça awtobus
“Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly –
Gündogar köçe – Oguzhan köçe – Nurmuhammet Andalyp köçe – Görogly köçe –
Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Nurmuhammet Andalyp
köçe – Hojaahmet Ýasawy köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip,
Howa menziline barýar hem-de yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly – Atamyrat
Nyýazow şaýoly – Garry Kulyýew köçe – Geldi Bäşiýew köçe – Artyk Jallyýew
köçe – Nurmuhammet Andalyp köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe –
Atamyrat Nyýazow köçe bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna
gelýär.
102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” ugry boýunça awtobus
“Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly –
Gündogar köçe – Oguzhan köçe – Bitarp Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe –
Alyşir Nowaýy köçe – Döwletmämmet Azady köçe – Ata Gowşudow köçe bilen
hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Mahmyt
Kaşgary köçe – Döwletmämmet Azady köçe – Atamyrat Nyýazow şaýoly –
Görogly köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan
şaýoly – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen
hereket edip , “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.
103-nji “Parahat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş
nokadyndan ugraýar we Alty Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap
Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Görogly köçeleri –
Atamyrat Nyýazow şaýoly – Annaly Berdiýew köçe – Bitarap Türkmenistan
şaýoly bilen hereket edip, Aşgabat Halkara howa menziline barýar hem-de yzyna
Bitarap Türkmenistan şaýoly – Annaly Berdiýew köçe – Atamyrat Nyýazow
şaýoly – Görogly köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap
Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Alty Garlyýew köçe bilen
hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.