Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze howa menziliniň gurluşygy
tamamlandy. «Türkmenportalyň» habar bermegine görä, howa menzili toplumynyň
açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda täze howa menzili toplumynyň enjamlaryny işe girizmek we
ulanyşa tabşyrmak işleri dowam etdirilýär.
Kerki şäherindäki täze howa menzili Lebap welaýatyndaky iň uly
infrastruktura taslamasydyr. Bu desga, Türkmenistanyň Senagatçylar we
Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň
tagallasy bilen guruldy.
Kerki howa menzili sagatda 100 ýolagçy hyzmat etmäge niýetlenilendir.
Döwrebap howa menziliniň desgalar toplumy 200 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu
meýdanda uçuş-gonuş zolagy, 4 sany dikuçar meýdançasy, 1700 inedördül
metrden gowrak meýdany bolan ýolagçy terminaly, howa hereketini dolandyrmak
merkezi, tehniki we goldaw hyzmatlary üçin jaýlar, inženerçilik
aragatnaşyklarynyň giň ulgamy we ş.m. desgalar bar.