Ylym — häzirki zaman jemgyýetini ösüşlere iterýän güýç. Bu güýji
artdyrmaga sarp edilen tagallalar döwletiň ynamly öňe gitmeginiň kepili bolup
durýar. Bu ulgamy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Okgunly ylmy-tehnologik
ösüş üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň
üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli
maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar.
Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary
halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp hem-de şeýlelikde,
özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, eziz
Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys.
Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da,
ýokary hünärli ýaş işgärleri – täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp
ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň
özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulgamyň
işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak,
ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary
göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna
geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz bilim
ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň
ornaşdyrylmagyny, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa
geçirilmegini nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň hatarynda goýdy. Bilim
edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap
okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça uly işler geçirildi. Şol kitaplary
taýýarlamaga mekdepleriň mugallymlary, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri,
ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, Ylymlar
akademiýasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.
Galyberse-de, sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda
zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki

zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň
zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň
we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny
kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim
edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň
kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş
nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan
baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri
döretmek maksady bilen möhüm işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ýurdumyzyň
umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa
okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen
milli Liderimiz ýakynda degişli Karara gol çekdi.
Şeýle hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň
Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler
boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-
mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor
programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip
taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak
aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler,
olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler
ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly
tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy
netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda,
şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli
maslahatlar yzygiderli guralýar.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak
ugrunda edilýän tagallalar ähli ylym işgärleriniň başyny göge ýetirýär.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap ýetişdirilmegi ugrunda has-da

yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, döredip berýän
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun
aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!