Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu gün halkymyz
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen mizemez hukuklaryna daýanyp,
Magtymguly Pyragynyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak baradaky ündewlerine
ygrarlydygyny subut etdi» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudanam, bu mukaddes
Watanyň goýnunda bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybir, asuda, erkin ýaşaýşy
berkarar bolup, at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýaýyldy. Watana bolan guwanç
türkmeniň ýüregindäki esasy duýgularynyň biridir. Türkmen Watanyny başynyň
täjine deňeýär, ony ähli gymmatlyklaryň seresi hasaplaýar. Watan duýgusy, Watana
bolan mukaddes söýgi bize pederlerimizden miras galypdyr.
Watansöýüjilik esasy äheň görnüşinde Magtymguly Pyragynyň tutuş döredi-
jiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň watançylyk lirikasyna dostluk,
agzybirlik, birleşmek, batyrlyk, gahrymançylyk hakyndaky goşgulary hem girýär. Ol
hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşaýar. Watansyz, il-günsiz ýaşaýyş asla
onuň ýadyna oýuna-da düşmeýär. Ine, şonuň üçin hem akyldar «Gözel ilim, sen diýip
sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men», «Pyragy, Watan diýip gan
döker gözüm», «Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy» diýen sözleri ýygy-ýygydan
gaýtalaýar. Watana bolan çäksiz söýgi, uly guwanç Magtymgulynyň poeziýasynda
belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle gyzgyn mähir bilen hem ol il-ýurdunyň
abadançylygyny, asudalygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli işleriniň
rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Özüniň mukaddes topragynda kemal tapandygyny
guwanç bilen belleýän şahyr «Türkmen binasy» atly goşgusynda:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy
– diýip, öz Watanynyň dünýe dursa durjakdygyny örän uly ynam bilen belleýär. Bu
ajaýyp setirler, bir tarapdan, Watan mukaddesliginiň synmaz ynamyna ýugrulan
bolsa, beýleki bir tarapdan bolsa Orhan ýagzylarynda Bilge hanyň daşa ýazdyran
ýazgysynda «Türkmen – oguz begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa, aşakda
ýer dilinmese, türkmen halky, iliňi-ýurduňy, töräni kim bozup biler» diýen setirleriň
şygra siňip, dünýä dabaralanmasy bolup durýar.
Magtymguly Pyragy bir saçakdan çörek iýmegi, duz-emek bolmagy birek-
birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk «bir
agza garasa» uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň durup
bilmejekdigine şahyr «Döker bolduk ýaşymyz» atly şygrynda şeýle beýan edýär:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Bagtyny alyslardan däl-de, öz dogduk depesinden, öz illeriniň durmuşyna
dahyllylykdan gözlän Magtymguly Pyragy bu mukaddeslikleriň gadyryna ýetmek
barada köňlünden syzdyryp çykan şygyrylarda juda jaýdar belleýär. Aslynda, islendik
goşgularyň diýen ýaly pelsepewi garaýşynda öz Watanyňy söýmek, duz iýen
topragyňa wepaly bolup, ony gözüň göreji deý gorap saklamak, iliň-günüň bilen bir
jan-ten bolmak ýaly pikirleriň eriş-argaç bolup geçmegi ony halkyň ýüreginde
ýaşadan hakykatyň özüdir. Sebäbi adamzat islendik döwürde hem özüne dogry
ýörelgeleri goýup bilen paýhasy, öz bähbiden iliniň bähbidini ýokary göteren ykbaly
depesine göterip, başyna täç eýleýändir. «Sözüm ýerde galmaz diýdigim geler» diýip,
dünýäniň barça umydyny kalbynda jemläp, eline döwedini alan Magtymguly Pyragy
nusgalyk şygyrlary bilen beýik mertebä göterilmegi başaran ussat şahyrdyr.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.