Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak
howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:
Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa
bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan
gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän
şemal öwser. Howa gijelerine +17… +22 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl,
gündizlerine +37… +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30… +35 gradus
maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa
bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12
metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan
+23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradusdan +36… +41
gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa
bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12
metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +23…
+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +36… +41 gradus
aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa
bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugryny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11
metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +24…
+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +37… +42 gradus
aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa
bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12
metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18… +23 gradusdan +22…
+27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradus maýyldan +36… +41
gradus aralygynda yssy bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan
gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän

şemal öwser. Howa gijelerine +23… +25 gradusdan +26… +28 gradus aralygynda maýyl,
gündizlerine +33… +35 gradus maýyldan +39… +41 gradus aralygynda yssy bolar.