Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme
keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamin Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele
gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 9:00-a-çenli, agşam 18:00-dan soň
15-20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah
matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün şöhlesiniň gös-göni düşýän
wagtlary başgapsyz gezdirmeli däl. Tomsuň yssy howasynda daglara, açyk
meýdanlara gezelençleri gurnamak maslahat berilmeýär.
Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçanda bedende Gün şöhlesi
ýetmezçilik etse, adamda keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze
çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň
ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly.
Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze
çykmagyna getirýär. Daşary çykylanda Gün urmadan goranmak üçin ak ýa-da
açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek,
Günden goraýjy äýnekleri dakmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesinden ýeterlik
derejede goranylmadyk ýagdaýynda deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda
bolýar. Şeýle-de gözleriň şikes almak ähtimallygy ýokarlanýar. Tomsuna
bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy
bilen bedenden köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe
bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem ganyň goýulaşmagyna getirýär.
Netijede bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna we insult, infarkt
keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin hem yssy howalarda
günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli
suwlara, köfä derek, arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr.
Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde, esasanam, gartaşan adamlar we 2 ýaşa
çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly. Saýawanyňyzy we agyz
suwuňyzy ýanyňyzdan goýmaň!
Yssy howadan öýe girilende, hökman derli eşigiňi çalyşmaly, sowadyjynyň
öňünde durmakdan saklanmaly. Munuň özi kelle beýniniň, ýüzüň süňk
boşluklarynyň sowuklama kesellerine getirýär we ýokary dem alyş ulgamynyň
keselleriniň sebäbi bolup durýar. Şeýle hem gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, buz
ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden gadagan. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň,
gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň esasy
sebäbidir.