Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat
dünýäniň iň owadan, asuda, abadan şäherleriniň birine öwrülýär. Hormatly
Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde gaýtalanmajak gözelligi
bolan paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna
girizilmegi barha gülläp ösýän ak mermerli şäherimiziň abraýyny has-da belende
göterdi. Munuň özi Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Türkmenistanyň baş
şäherinde alnyp barylýan tutumly işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň
şaýadydyr.
Biz merjen şäherimiz Aşgabada «Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sungat
eseri» diýip, arkaýyn aýdyp bilýäris. Aşgabadyň täsin, owadan binagärlik
çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä
rekordlar kitabyna girizilmegi Milli Liderimiziň ynsan elleri bilen döredilen
binagärlik sungatyny döwrebap ülňülere laýyklykda ösdürmek boýunça alyp
barýan tutanýerli işleriniň öz miwesini berýändigini aňladýar.
2008-nji ýylyň iýun aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen
Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada beýikligi 133 metr
bolan iň beýik baýdak sütüninde ýaşyl tugumyz buýsanjymyz bolup, asuda
asmanymyzda erkana parlaýar.
2008-njш ýylda paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Halkara howa menzi-
line barýan ýoluň ugrunda Oguz han we onuň alty ogly şekillendirilen «Oguz han»
suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.
2011-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabadyň günortasyny etekläp oturan
Köpetdagyň belent gerişlerinde bina edilen, beýikligi 211 metre barabar bolan
«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň
ýyldyzy dünýä binagärlik ulgamynda iň uly sekizburçluk ýyldyz hökmünde
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

2012-nji ýylda iň uly ýapyk görnüşli çarh hökmünde (beýikligi 57 metr)
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi bagtyýar
halkymyzyň iň bir gelimli ýerine öwrüldi.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri ak mermerli
binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Bu buýsançly waka bolsa ýurdumyzyň ösüş depginini bütin dünýä ýene-de äşgär
etdi. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat bagtyýarlygyň mesgeni hökmünde dünýä
doldy.
2016-njy ýylda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň şekil-
lendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň Halkara howa menzili «Iň uly göl» (705 m 2 )
adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Binagärlik gurluşy täsin bolan howa menzilimiz hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.
2017-nji Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini
bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem bu ýylda Olimpiýa şäherçesiniň
Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk
gelýän, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman
tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti
ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Aşgabat şäheri – gurlan binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren
Milli Liderimiziň yhlasy bilen dörän binagärlik ajaýyp sungat eseridir. Aşgabadyň
gülläp ösmegi bilen Diýarymyz ösüşdedir, onuň gözelligi halkyň kalbynyň
gözelligidir.
Goý, Watanymyzy we gözel paýtagtymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly
işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.