Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek häzirki zaman oba
hojalygynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Bu babatda önümleriň
hil taýdan arassalygyny ýokarlandyryp bilýän täze tehnologiýalaryň orny
has ýokarydyr. Oba hojalygynda döwrebap tehnikalary ulanmak arkaly
öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagy ondan alynýan girdejiniň
artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bir ýylda oba hojalyk önümçiliginden
birnäçe gezek hasyl almaga mümkinçilik berýän innowasiýalar galyndysyz
önümçiligi we önümi ýygnamagy hem-de saklamagy üpjün edýän
tehnologiýalaryň üstüni ýetirýär.
ABŞ-nyň «Glenwood» kompaniýasynyň işläp taýýarlaýan
programma üpjünçiligi bolan AgCode – üzümçilik hojalyklaryna
önümçiligi dolandyrmaga kömek edýär, meýdandaky bar bolan
maglumatlary belli bir binýatda, ulgamda saklamaga, hasyla gözegçilik
etmäge, tebigy şertlerde üzümiň bişip ýetişmek derejesine we her bir işgär
üçin çykarylan çykdaja gözegçilik etmäge kömek edýär.
Sample ulgamy – gök önümlerde iýmit patogen maddalaryny test
arkaly ýüze çykarmaga kömek edýän enjamlar we programma
üpjünçiligidir.
Bright Farms – şäher şertlerinde önümi ýerleşdirip bolýan ýerleriň
golaýynda ýyladyşhanalary gurmak taslamasyndan ybarat bolup durýar.
CropX – suwaryş ulgamy bolup, ol Ysraýyl döwletinde oýlanyp
tapyldy. Bu suwaryş ulgamy topragyň görnüşini, çyglylygyny we relýefini
hasaba almak bilen, ýerleri aýratyn böleklere bölmek arkaly oňa sarp
edilýän suwa gözegçilik edýär we energiýa çykdajysyny azaldýar. Bu nou-

hau elektroenergiýanyň we suwuň 25 göterimini tygşytlamaga
mümkinçilik berýär.
«Tal-Ya» kompaniýasynyň önümi bolan, howadan yzgary ýygnaýan
konteýner enjamlary ösümlikleriň suwa bolan zerurlygynyň 50 göterimini
kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Plastikden gurlan bu enjamyň
bahasy elýeterli bolup, ol 10 ýyla çenli hyzmat edip bilýär.

Şemşat Töräýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.