Dünýäniň birnäçe ýurdy dünýäde howanyň maýlamagynyň
öňüni almak üçin täze taslamalary durmuşa geçirýär. Bu ugurda
Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Daniýa Demirgazyk deňzinde
dünýäniň ilkinji energiýa adasyny gurmagy meýilleşdirýär. 3 million
hojalygy energiýa bilen üpjün etjek desga ýurtda häzire çenli durmuşa
geçirilen iň uly gurluşyk desgasy bolar. Daniýada hem bu ugurda
takyk maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 2030-njy ýyla çenli ýurtda
howa iberilýän zyýanly gazlaryň 70 göterime çenli azaldylmagy göz
öňünde tutulýar. 2050-nji ýyla çenli bolsa, bu görkezijiniň nol derejä
çenli düşürilmegi göz öňünde tutulýar. Deňizde guruljak ada bu
maksatnama ýetmäge saldamly goşant goşar. Adada ýel
turbinalaryndan energiýa öndüriler. Şeýle hem ýurt Demirgazyk
deňzindäki nebit we gaz gözleg işlerini geçen ýylyň dekabrynda
dolulygyna ýatyrandygyny mälim etdi.
Deňiz kenaryndan 80 km daşlykda guruljak desganyň birinji
tapgyry 18 futbol meýdançasy ýaly, ýagny 120 müň inedördül metre
barabar bolar. Soňra bolsa, 460 müň inedördül metre çenli giňeldiler.
Iri taslamany durmuşa geçirmek üçin 34 milliard dollar özleşdiriler.
Bu ýerde 200 sany äpet ýel turbinasy gurlar. Açyk deňizdäki birsyhly
öwüsýän ýelden peýdalanyp, öndüriljek energiýadan Beýik Britaniýa,
Germaniýa we Niderlandlar almaga isleg bildirýär. Taslama 2033-nji
ýylda dolulygyna durmuşa geçiriler. Demirgazyk deňzinde öwüsýän
ýel energiýa almak üçin amatly şert döredýär. Daniýa Baltika
deňzinde hem şeýle adalaryň birini döretmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde guruljak desganyň energiýasyny almak üçin Germaniýa,
Belgiýa we Niderlandlar şertnama baglaşdylar.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.