Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz bolan ak
şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbi özüniň aýratynlygy, gözelligi, täsinligi,
döwrebap görki, milli ruhuna bagly bolan keşbi bilen haýran galdyrýar. Ak
mermerli Aşgabadyň owadan agşamlaryna aýratyn özboluşly ýalkym saçýan dürli
reňkli yşyklar, suw çüwdürimli täsin seýilgähler, arassa we döwrebap köçeler
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynda buýsanç döredýär.
Aşgabat şäherimiz gysga taryhy döwrüň içinde täze mazmuna, keşbe eýe
boldy we dünýä derejesindaki iri şäherleriň birine öwrüldi. Aşgabadyň täsin
özboluşly desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi.
Paýtagtymyz Aşgabat häzirki döwürde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna
öwrüldi. Paýtagt şäherimiziň at-owazasy bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez,
dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna degişli bolan hoşniýetli,
parahatçylyksöýüjilik pikirleriň başlangyç ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Diňe bir daşky gözel keşbi bilen däl, eýsem içki ýaşaýyş-durmuş ruhy
boýunça hem Aşgabat şäheri dünýä ýüzünde iň bir öndebaryjy şäherleriň biridir.
Aşgabat soňky ýyllarda tehnologiýa täzelikleri yzygiderli ornaşdyrylýan
şähere öwrüldi. Sanly ulgama geçmek we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek,
ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek işleri dowam edýär.
Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň owadan, gözel
şäherleriniň birine öwrülmegi babatyndaky amala aşyrýan beýik işleri mundan
beýläk hem rowaç bolsun!

M.Mezilow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň 2-nji derejeli hünärmeni