Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurdy durnukly ösdürmek, döwrebap
tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de
ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen,
welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň
etraplarynyň arasynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat
şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary
netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem resminama bilen, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we
Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça
iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri
kesgitlemek boýunça topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de
Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we
Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri,
olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap
hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.
Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da
etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul
baýragy bilen sylaglamak bellenildi.