25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy
“tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi.
Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri
halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň
bilermenleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stoly geçirmegiň maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde
2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir
edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk
hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdy.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
BMG-niň Baş sekretaryna şunuň ýaly wekilçilikli halkara foruma gatnaşmagyna
iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi we daşky gurşawa senagat
galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada
edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen
halkara tagallalarynyň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket
edilmegine Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtady.