Aşgabadyň demirgazygynda şäheriň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy
mynasybetli 140 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmägine
bagyşlanan dabaralar geçirildi.
Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy. Şeýle hem Milli
Geňeşiň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Bu ýerde milletiň Lideri toý bagyny kesip, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdi.
Döwlet Baştutany ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi we onda döredilen şertler
bilen tanyşdy we lukman maşgalasynyň göçüp gelen täze jaýyny synlady.
Täze ýaşaýyş jaýlary ähli amatlylyklary özünde jemleýär we bu ýerde
maşgala agzalarynyň ekerançylyk we bagçylyk bilen meşgullanmagy üçin mellek
ýeri hem göz öňünde tutulypdyr.
Ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy türkmen toýuna mahsus dabaralara
beslendi. Bu ýerde paýtagtymyzyň irki döwürlerini wasp edýän teatrlaşdyrylan
oýunlar görkezildi we Aşgabady wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.