Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on
dördünji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze
kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.
Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
çagyryldy.
Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek
hakynda” hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly
Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlarynyň taslamalary hödürlenildi. Şanly sene — Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu hormatly sylaglara ýurdumyzyň
syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan raýatlary
mynasyp bolar.
“Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp
maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda
kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, telekeçiligi, hususy başlangyçlary
hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini
döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň hatarynda salgyt ulgamyny
kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de güwälendirmegiň
tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak bar.
Soňra deputatlaryň garamagyna “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi)
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Ol bu möhüm ugurda
gatnaşyklaryň hukuk esasyny hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, bilim
ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk
esaslaryny kesgitleýär.
Soňra parlamentarileriň garamagyna “Firma atlary hakynda” Kanunyň
taslamasy hödürlenildi. Ol Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik taraplaryna firma
atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda
ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şeýle hem deputatlar “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna
goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarda
ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak
hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda”, “Türkmenistanyň
Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Watan goragçysy”
diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna we döşe dakylýan nyşanynyň ýazgysyna
goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk
namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar
bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler
hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”,
“Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek

hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek
hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak
hakynda” Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.
Maslahatda şu resminamalar bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Mejlisiniň Dessuryny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Mejlisiniň Diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi hakynda
Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň
Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine seredildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky
maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary
biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.