1-nji iýundan başlap Türkmenistanda synag hökmünde hepdäniň penşenbe we
şenbe günleri Türkmenabat–Gazojak we Gazojak–Türkmenabat,
Türkmenabat–Amyderýa we Amyderýa–Türkmenabat, Mary–Serhetabat we
Serhetabat–Mary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu
barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda habar
berilýär.
Bellenilişi ýaly, synag gatnawlary häzirki wagtda dünýäde ýaýran COVID-19
ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin bildirilýän talaplara
laýyklykda amala aşyrylar.
“Demirýollary” AGPJ-i hepdäniň çarşenbe we anna günleri
Aşgabat–Mary–Türkmenabat, penşenbe we şenbe günleri
Türkmenabat–Mary–Aşgabat, Aşgabat–Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni,
Daşoguz–Aşgabat ugry boýunça duşenbe güni öň ýola goýlan ýolagçy otly
gatnawlarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirer.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu
ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat–Türkmenbaşy–Aşgabat ugry
boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.