"Ýertudana güýçli iýmit allergeny bolup biler. Köplenç iýmişler immun
ulgamynda dörän reaksiýany güýçlendirýär, esasanam adamyň aşgazan-içege
ulgamynda gowşaklyk bar bolsa. Agyr ýagdaýlarda anafilaktiki şok bolup biler
(derrew ýüze çykýan ýiti reaksiýa: gan basyşyň düşmýär we howa ýollary
petiklenýär -takmynan seýrek.) Şeýlelik bilen, çagalarda allergiýanyň ýüze
çykmazlygy üçin çaga emdirýän enelere ýa-da göwreli aýallara ýertudana iýmek
maslahat berilmeýär. Bir ýaşa ýetmedik çagalara hem şol bir sebäbe görä
ýertudana berilmeli däl "-diýip hünärmen duýdurýar.
Mundan başga-da, agyr gastrit ýa-da aşgazan ýarasy bolan adamlara
ýertudana iýmezlik has gowudyr: miwäniň düzümindäki turşy kislotasy keseliň
güýjemegine sebäp bolup biler.
Ýertudanany aç garna iýmeklik gaty turşy bolany üçin zyýanlydyr.Ony
nahardan soň iýilýän süýjilik hökmünde iýilse has gowy bolar