Parižiň esasy gözel ýerlerinden biri bolan Eýfel diňi oňa hyzmat edýän SETE
kompaniýasynyň habaryna görä, 16-njy iýulda köpçülige açylýar. Biletleri 1-nji
iýundan satyn alyp bolar.
Ähli medeni edaralar, muzeýler, teatrlar, kinoteatrlar, restoranlar we kafeler
koronawirus pandemiýasy sebäpli oktýabr aýynyň ahyryndan bäri Fransiýada
ýapyklygyna galypdy. Çarşenbe güni, 19-njy maýda çäklendirmeleri aýyrmagyň
ikinji tapgyry başlandy. Kafeleriň we restoranlaryň, medeni edaralaryň, dükanlaryň
hemmesi açyldy. Komendant sagady iki sagat azaldyldy, indi köçeletde sagat 19-a
çenli däl-de, 21-e çenli saýlanmak bolar.