25-nji maýda Aşgabatda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki
merkezinde ilkinji doglan bäbejikler bellige alyndy.
Yslam we Selbi Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Ýazmuhammet
we Aýna Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ata-
eneleri oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakdylar.
Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bäbejikleriň saglygy
kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3
kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.