Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň
giňişleýin mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda
«Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň
meseleleri hakyndaky» Karar bar.
Döwlet Baştutany bu Karara laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik
ministrliginiň garamagynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynda guruljak binalaryň
we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin Gurulýan desgalaryň
direksiýasynyň hem döredilýändigini habar berdi.
Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny
toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredildi we
onuň düzümi tassyklanyldy.