Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň
140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat-siti” atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň
düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar
gepleşiginde bellenilip geçildi.
Dabara gatnaşan milletiň Lideri 2013-nji ýylda döredilen Aşgabat şäheriniň
gününiň taze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň
Prezidenti paýtagtymyzyň demirgazygynda iri döwrebap ýaşaýş toplumynyň
binýadynyň tutulýandygyny belledi.
«AŞGABAT-SITI» TASLAMASY SANLARDA:
Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum “şäheriň içindäki
şäher” diýlip atlandyrmak bolar.
Bu ýerde dürli maksatly binalaryň 240-dan gowragy gurlar.
Taslamanyň çäklerinde etrap häkimliginiň, edara binalaryň we beýleki
durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlar.
1200 orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3 müň orunlyk umumy bilim berýän 4 orta
mekdep, Medeniýet öýi, 5 müň orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýöriteleşdirilen sazlçylyk mekdebiniň
täze we döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, 2 sany saglyk öýüni, şonça-
da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, Toý mekany, köp gatly
awtoduralgalaryň 4-üsini, “Türkmenbaşy” we “Halkbank” döwlet täjirçilik
banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
Bu ýerde kaşaň we has belent, ýagny 12-35 gatly 107 müňden gowrak ilata
niýetlenen 17 müň 836 öýli 8 görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýlary gurmak
meýilleşdirilýär.
Bu ýaşaýyş toplumyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşli bolar. Ol
demirden gurlan Türkmeniň Ak öýi şekli bilen halkymyzyň açykgöwünliliginiň,
myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň
nyşanyna öwrüler.
Bulardan başga-da çagalar döredijilik merkezi, seýilgähler, düzümleýin ýol-
ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyny degişli binalaryňdyr inžener-
kommunikasiýalar ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Ýakyn ýyllarda bu ýerde “Aşgabat-siti” atly döwrebap şäher peýda bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti dabarda çykyş edenden soňra täze ýaşaýyş
toplumynyň düýbüni tutdy.