Şanly senelere, baýramçylyklara baý bolan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýene bir şatlykly baýramlaryň biri Aşgabat şäheriniň güni we Paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. 2013-nji ýylda döredilen bu baýram her ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem türkmen halkyna sowgat hökmünde bu baýram mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu iri taslamanyň alnyp barylmagynda türkmen binagärleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmensitanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň binagärlik dizaýn taslamalaryna hem orun berilmegi elbetde buýsandyryjy wakalaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyz bu binagärlik taslamalarynda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda 25-nji maýda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Bu taslamada dünýäniň soňky gazananlary we şähergurluşuk çözgütleri milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykda alnyp barlyp özboluşly binagärlik aýratynlygymyza öwrüler. Şeýle hem bu ýerde “akylly öýleriň”, “akylly duralgalaryň” gurluşygyna möhüm ähmiýet berler.

Ýene buýsandyryjy wakalaryň biri paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çogynly ýaşaýyş toplumynda şanly sene mynasybetli açylýan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşdy we toýlaryň şanly seneler bilen utgaşmagynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem bellenilýän goşa baýramyň hormatyna paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly täze awtobuslaryň we “Toýota Сorolla” kysymly ýeňil taksi ulaglaryň köp sanlysy ulanylşa berildi. Elbetde bu hem paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Köpetdagy etekläp oturan gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, ýene bir buýsandyryjy wakalaryň biri Aşgabady durmuş-ykdysady, medeniýet taýdan ösdürmäge uly goşant goşup, köp ýyllaryň dowamynda päk ýürekli we birkemsiz zähmet çeken raýatlarymyza sylaglaryň gowşurylmagy ýaşlar üçin göreldedir.

Ýurdumyzda şeýle dabaralaryň, şanly seneleriň yzygiderli gurnalmagy bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda hem-de ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

mugallymy Bagtygül Hojageldiýewa