Irlandiýaly garyşyk söweş sungatynyň ussady (MMA) Konor MakGregor,
Hýustonda geçirilen Absolýut söweş çempionaty (UFC) ýaryşynda Maýkl Çandleri
ýeňen braziliýaly Çarlz Oliweýra ýüzlendi. Bu ýazgy sportçynyň Twitter
hasabynda elýeterlidir.
“Oliweýrany gutlaýarys. Ol UFC ýeňil agram boýunça 11-nji çempiony
boldy. 12-nji kim bolarka? " – diýip, MakGregor ýazdy.
Oleweýra UFC 262 turnirinde Çendleri nokautlady. Braziliýaly söweşiji
ýeňil agram boýunça guramanyň çempiony wakant guşagyny gazandy. 2018-nji
ýylyň aprel aýyndan bäri bu titul russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedowa
degişlidi.