Bellator baştutany Skott Kokeriň pikiriçe, russiýaly türgen Fýodor Ýemelýanenko karýerasyny tamamlamazdan ozal ýene iki söweşe gatnaşar.

Sentýabr aýynda 45 ýaşyny doldurjak Ýemelýanenkonyň soňky söweşi 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda geçirildi.

“Onuň iki söweşi galdy, bu onuň karýerasyny tamamlaýan soňky tapgyr. Biz tomaşaçylaryň gaýdyp gelmegine garaşýarys. Meniň pikirimçe, Fýodoryň soňky söweşleri tomaşaçysyz geçmeli däl, legenda laýyk baha berip biljek, janköýerler hökman bolmaly “-diýip Koker metbugat ýygnagynda aýtdy we bu wideo You Tube-daky MMAFightingonSBN kanalynda ýerleşdirildi.

Ýemelýanenko, Pride FC-e görä agyr agram derejesinde dört gezek garyşyk söweş sungatynda dünýä çempiony, RINGS-e görä iki gezek, WAMMA-a görä iki gezek, dört gezek dünýä çempiony we söweş sambosynda dokuz gezek Russiýanyň çempiony.