Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de
olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir
önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda
suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat
işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek
bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi
tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi.