Koronawirus pandemiýasynyň üçünji tolkuny eýýäm Ýewropa geldi we
sanjymlaryň tizlenmegini talap edýän Ýewropa Bileleşiginiň dürli ýurtlarynda
dürli depginde ösýär. Muny Brýusselde geçirilen brifingde Ýewropa
Komissiýasynyň resmi wekili Dana Spinant tassyklady.
Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Jens Span pandemiýanyň "üçünji
tolkuny duruzmak üçin Ýewropada sanjymlaryň ýeterlik däldigini" aýtdy.
Penşenbe güni yglan edilen maglumatlara görä, Ýewropa Komissiýasy 27 ÝB
ýurtlarynyň birinji çärýeginde üç günbatar kompaniýasy: Pfizer, Moderna,
AstraZeneca- dan takmynan 100 million dozada sanjym alyp biler diýip garaşýar.
Bu, şu üç kompaniýa bilen baglaşylan, geçen güýzde gol çekilen we bölekleýin
tölenen Ýewropa Komissiýasy tarapyndan bu döwür üçin öňünden sargyt edilen
166 million dozadan 40% az.
Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy ýurtlary pandemiýanyň
çalt ýaýramagy sebäpli karantin çäklendirmelerini güýçlendirýärler. Bu, 2020-nji
ýylyň mart aýynda Ýewropada ilkinji çäkendirmeleriň başlandan takmynan bir ýyl
soň bolup geçýär.