Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli
syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy.
Milletiň Lideriniň tabşyrygy esasynda  Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny
ýokary derejede geçirmek boýunça gurmaçylyk we taýýarlyk işleri uly
depginde geçirilýär.
Geçiriljek çäreleriň meýilnamasynda Türkmenistan Parahatçylygyň we
ynanyşmagyň watany ýylynda «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde toý
dabarasyny geçirmek göz öňüne tutulýar. Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde
baýramçylyk çärelerini guramak, sergileri geçirmek , şeýlede Aşgabat barada
wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary
dabaraly açyp, ulanmaga bermek dabaralary meýilleşdirilýär. Şu baýramçylyk
mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary
bolan öýleri ulanmaga berilmelidigi nygtaldy.
Ak mermere bürenen paýtagtymyz binägärlik keşbiniň bolmagy her binalaryň
nagyşlarynda örän inçe syrlary bilen özüne çekýän binalaryň keşpleri
ýurdumyzyň binägärlik – şäher gurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär.
Paýtagtymyz Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan
şäheri hökmünde Ginnesiň rekortlar kitabyna girizilmegi hem paýtagtymyzda
bina edilen birnäçe ajaýyp desgalary bu meşhur kitapda ajaýyp oruna
mynasyp bolýar.
Gözel paýtagtymyz ak şäherimiz Aşgabat mermere beslenen Aziýanyň
merjen şäheri hökmünde biziň her birimiziň kalplarymyzy joşduryp
ylhamymyza ylham goşýar.

Berdiýewa Aýsoltan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.