Halkara futbol assosiasiýalary bileleşigi (IFAB) futbol oýnunyň käbir
düzgünlerine özgertme girizdi.
Mundan beýläk, pökgi hüjüm edýän toparyň futbolçysynyň eline
bilmezlikden degip gitse, şol oýunçy ýa-da onuň topardaşy tarapyndan salnan gol
utuk hasabynda göz öňünde tutular.
Bu düzgüne çenli pökgi hüjüm edýän topar futbolçysynyň eline degse, bu
ýagdaý düzgün bozma hasaplanyp, gol we gol salynmagyna eltip bilýän ýagdaýlar
göz öňünde tutulmaýardy.
Şeýle hem, IFAB bu ýagdaýda eliň nähili halatda durandygy we futbolçynyň
hereketini bahalandyrmagy emin agzalarynyň ygtyýaryna tabşyrjakdygyny hem
mälim etdi.
Bu karar 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer. Emma ligalarda karary
möhletinden öň hem amalyýete girizmäge rugsat berildi.