Hytaýda on dördünji bäş ýyllygyň jemgyýetçilik-ykdysady meýilnamasyny
(2021-2025) amala aşyrmagyň çäklerinde pensiýa ýaşyny ýuwaş-ýuwaşdan
uzaldylar. Bu barada Hytaý halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň baş geňeşçisi
Li Kesýan maglumat berdi.
Li Kesýan Pekinde geçirilen Bütinhytaý halk wekilleriniň ýygnanyşygynyň
sessiýasynda hökümetiň işi baradaky çykyşynda şeýle diýdi: “ilatyň 95 göterim
garrylyk pensiýasynyň ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün etmek arkaly kadalaşdyryjy
pensiýa ýaşy tapgyrma-tapgyr ösüp barar”. Şeýle hem ol hökümet “Dogluşyň
kadaly derejesine ýetmegi üçin işlemek”, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ulgamyny
kämilleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýdyp geçdi.
“Hytaýyň öňki “Bir maşgala – bir çaga” syýasaty ýurduň ilatynyň tebigy
garramagyna getirdi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, Hytaýda 2035-nji ýyla çenli
iki işçi bir pensioneri maddy serişde bilen üpjün eder”. 2050-nji ýyla çenli ilatyň
35%-ini pensiýa ýaşyndakylar düzer”.
Bu günki günde Hytaýda erkekler 60 ýaşda, aýallar bolsa 55 ýaşda pensiýa
çykmagy mümkin.