Indoneziýanyň Sumatra adasynda Sinabung wulkany atylmagyny dowam
etdirýär. Mart aýynyň başynda ol 5 kilometre çenli beýiklige kül sütünini zyňdy.
Golaýdaky obalar we ekerançylyk meýdanlary galyň gatlak bilen örtüldi.
Wulkanyň işjeňligi entek azalmady. Mundan başga-da sebitdäki howa
ýaramazlaşdy. Sinabungyň ýerleşýän Demirgazyk Sumatra welaýatynda birnäçe
günläp ýyldyrym çakdy.
Ýerli suratçy Sarianto Sembiring wulkanyň agzyndaky ýyldyrymyň haýran
galdyryjy suratlaryny almagy başardy. Suratlarda tupanly asmanda nädip açyk
elektrik togunyň çykýandygyny we kül sütüninden geçýändigini görmek bolýar.
Mundan başga-da, ýokary çyglylyk we duman, Sinabung asmanyny badam reňke
öwürdi.