Surat internet ulanyjylary aljyratdy.

Şotlandiýaly Kolin Makkallum ajaýyp optiki illuziýany çekdi. “Daily Record” -yň habaryna görä, Aberdinşirdäki Banff şäheriniň suw kenarynda awtoulagly geçip barýark “asmanda ýüzýän” uly gämini gördi.

Ol adam öz suratyna “Gämini ilkinji gezek görenimde iki gezek pikirlenmeli boldum, sebäbi hakykatdanam uçýan ýalydy” -diýdi.

Optiki illýuziýa deňziň örän arassa we dury bolmagy we pes asman bulutlary görkezmegi sebäpli ýüze çykypdyr , şonuň üçin deňiz bilen asmanyň arasyndaky çyzyk “öçürilipdir”.

MakKallumyň suraty sosial media ulanyjylaryny geň galdyrdy. “Näme bolýandygyna asla düşünip bilemok” diýip, abonentleriň biri ýazdy. “Bu gaty gowy” diýip teswirçiler ýazýarlar.