2-nji martda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenan başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan dürli kärdäki zenanlaryň 42-si gatnaşdy.

Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilmesi däbe öwrülen bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi. Onda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça gatnaşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çag terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Türkmenitanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň kiçi saglygy goraýyş işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.

«Ýylyň zenany» bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Toýly Muhammetdurdyýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.