Türki medeniýet halkara guramasy – TURKSOY hem-de Ankara şäher häkimligi bilen bilelikde Türkiýe paýtagtynda Muhammet al-Horezmi ýadygärliginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Açylyş dabarasyna TURKSOY-yň baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çagiçi, Ankara şäher Keçioren munitsipalitetiniň häkimi Turgut Altynok, Ankara gubernatorynyň wekili Urgut Bulut we medeniýet işgärleri, HBS hünärmenleri gatnaşdylar. Ýadygärligiň açylmagynyň esasy sebäbi “2021-nji ýylda Hywa şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr”.

Dabara gatnaşanlar Muhammet Musa al-Horezminiň adamzat taryhy we ylmy gazananlarynda aýratyn ornunyň bardygyny we onuň ylmy mirasynyň häzirki wagtda hem öz gymmatyny ýitirmeýändigini belläp geçdiler.