"Şowsuzlyk! Dizaýner ýalňyşanda» sergisi dekabr aýynyň ahyrynda
Fransiýanyň Sent-Etýen şäherindäki Halkara dizaýn merkezinde açylmalydy.
Emma pandemiýa sebäpli ähli muzeýler ýapyklygyna galdy.
Bu gyzykly sergi, dizaýn ýalňyşlyklaryny we şowsuzlyklaryny özüne çekiji
we gülkünç görnüşde hödürleýär. Bu ýerde görkezilen zatlaryň hemmesi göz
öňünde tutulan maksat üçin ulanylyp bilinmez we ulanylmaly däldir.
Serginiň ýolbaşçysy Silwi Sauvine: "Şowsuzlyk hakda gürleşmek çynlakaý
mowzuk. Ýalňyşlyk, şowsuzlyk – köplenç bulary halamaýarys we bu hakda
gürleşemzok. Şonuň üçin bu meselä çemeleşmegi makul bildik Sergimizdäki tema
şowsuzlygy, degişme bilen sahnalaşdyrmak peýdaly bolany üçin, öwrenmäge
mümkinçilik berýär. Dizaýny ya-da başga bir zat bolsun, ýalňyşlyklar döredijilik
we inowasiýa tarapdan seredeniňde gaty gymmatlydyr.
Bu pikiriň tassyklamasy hökmünde, şowsuzlykdan gorkman synap boljak ýüz
töweregi eksponat bar. Ylham çeşmesi, fransuz suratkeşi Kak Karelman
tarapyndan döredilen meşhur "Mümkin däl zatlaryň katalogy".
"Dizaýnlar ýalňyşanda" sergisi fewral aýynyň ortalaryna çenli dowam etmeli.
Emma gurnaýjylar karantin çäklendirmeleriniň gutarýança we halkyň gaýdyp
gelýänçä garaşmak kararyna geldiler.