Ýurdumyzyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi
internet sahypasynda otly gatnawlarynyň mart aýyndaky ýagdaýy barada beýanat
çap edildi. Bu beýanatda hususan-da şeýle diýilýär:
Hormatly ýolagçylar!
2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen,
synag hökmünde, hepde-de 1 gezek hepdäniň çarşenbe (3-nji) güni
Aşgabat–Türkmenabat we hepdäniň penşenbe (4-nji) güni Türkmenabat–Aşgabat
ugurlary boýunça demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara
we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn
çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygy
barada habar berýäris.
Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe
bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.