2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen,
synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat
ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we
şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn
çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylar diýlip
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtynda barada habar berilýär.
Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, «Aşgabat şäherine gelýän we
welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda ýaşaýan ýeri
boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat
şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan
«Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly. Ýolagçylar
ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty
agzalan resminamalar talap edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-35-00, 35-00-02, 35-00-04.