Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary
toparynyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçiren mejlisiniň kararyna
laýyklykda Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugrunda otly gatnawlarynyň
gaýtadan dikeldilendigini şu gün «Türkmen gündogary» welaýat gazeti hem resmi
bildiriş bilen habar berdi.
Eýsem, täze gatnawlar üçin nähili talaplar we düzgünler bar. Bular barada
gyzyklanyp, Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş
gullugyndan aşakdaky maglumatlar alyndy:
― Türkmenabatdan Aşgabat şäherine ugrajak raýatlar demir ýol menzilinde
gurnalan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüzlenmeli. Şunda gidişiň esasly
bolmagyna aýratyn üns berler;
― «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylaryň
hereketiniň Tertibine» laýyklykda, ýolagçylardan COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy
baradaky kepilnama soralar. Munuň üçin olar Türkmenabadyň demir ýol
menzilinddäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmaly bolarlar. Barlagyň
jogaby hem şol ýerde berilýär.
― ýolbeletler otlynyň ugramazyndan 6 sagat öň, soňky menzile ýetlip,
ýolagçylaryň ählisiniň düşmeginden soň we otlynyň hereket edýän döwründe her
3-4 sagatdan wagonlarda zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli;
― ýokarda görkezilen kepilnamasy bolmadyk we bedeniniň gyzgyny 37-den
geçýän ýolagçylar otla goýberilmez;
― otla münüljek wagtynda degişli demir ýol menziliniň saglygy goraýyş
nokadynyň işgärleri her bir ýolagçynyň bedeniniň gyzgynlygy ölçär. Şeýle hem
olaryň burun boşlugyna oksolin melhemi çalnyp, elleri zyýansyzlandyrylar;
― ýolagçylar gatnawyň bütin dowamynda agyz-burun örtükleri dakylan
bolmalydyr. Şeýle hem olardan kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik
gigiýenasynyň düzgünlerine berk eýermek talap ediler;
― otlular häzirlikçe diňe Aşgabat we Türkmenabat demir ýol menzillerinde
saklanar;
― gatnawyň dowam edýän wagtynda ýolbeletler we ulaglardaky polisiýanyň
wekilleri ýolagçylaryň bildirilen talaplara eýermegine gözegçilik ederler.
― gatnawlar küpe görnüşli wagonlarda amala aşyrylyp, her küpä 2 ýolagçy
alnar. Şeýlelikde, gatnawyň synag tapgyrynda otlynyň ýolagçy mümkinçiligi iki
essä çenli azaldylar.