Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe Mähriban arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen diýarymyzyň gün-günden ösýär, özgerýär we ösüşlikleriň iň belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen zenanlarynyň belent mertebesi hakynda söz açyp: “Türkmen gelin-gyzlaryň müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namys-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgala agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar” diýip uly buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, türkmen gelin-gyzlary şu ajaýyp häsiýetleri, mähremligi, gözelligi, edep-ekramy nusgawy şahyrlarymyzyň, ajaýyp söz ussatlarymyzyň edebi döredijiliginde aýratyn uly orun alypdyr we egsilmez buýsanç bilen wasp edilipdir.Maşgala ojagyna wepaly, asylly, kalby päk zenanlar haly dokamakda, tikin tikmekde we zähmet çekmekde hem nesiller üçin görüm-görelde we terbiýe mekdebi bolupdyr. Türkmen gelin-gyzlary diňe bir önümçilikde, ylym-bilimde üstünlik gazanmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere we ösüşlere hem işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanşmagyň watany ýylynda hem ýurdumuzda her ýyl däp bolşy ýaly ähli zenanlarymyza sarpalap, Hormatly Prezidentimiziň pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşurulýar.
Şu pursatdan peýdalanyp, dünýäniň görki bolan mähriban enelerimizi we ähli gelin gyzlarymyzy 8-nji mart halkara zenanlar baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Olara ilki bilen jan saglyk, maşgala agzybirligini, işlerinde üstünlik we güler ýüzlerarzuw edýärin.

Berdiýewa Aýsoltan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.