Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we 1946-njy ýylda kabul edilen
Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakyndaky
Konwensiýasyna laýyklykda, bu guramanyň işgärleriniň Türkmenistana gelmegi
üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara
gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap:

 Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň
(pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň
çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli
wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga,
ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge
rugsat berildi;
 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan
akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň ýa-da onuň
ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we
olaryň maşgala agzalary Türkmenistanda iş alyp barýan döwrüniň
dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar.
 Resminama bilen, Daşary işler ministrligine ýokarda beýan edilenler
barada Birleşen Milletler Guramasyna habar bermek tabşyryldy.
 Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligine, Döwlet
migrasiýa gullugyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip
çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna
girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.